Google Afrika bilen Awstraliýanyň arasynda suwasty optiki süýümli kabel gurar

  • 26.05.2024 20:58
  • 10761
Google Afrika bilen Awstraliýanyň arasynda suwasty optiki süýümli kabel gurar

Google Afrika bilen Awstraliýany gönüden-göni birleşdirjek ilkinji suwasty optiki süýümli kabeliň gurluşygyna başlanandygyny habar berdi. TechCrunch portalynyň ýazmagyna görä, Umoja (suahili dilinden terjime edilende “bitewilik” diýmegi aňladýar) diýlip atlandyrylan taslama Afrika ýurtlarynda tora birikmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we olaryň dünýä internetine elýeterliligini  gowulandyrmak üçin döredildi.

Täze kabel Gündogar we Günorta Afrikanyň birnäçe ýurtlaryny (Keniýany, DR Kongony, Ruandany, Ugandany, Zambiýany we Zimbabwany) birleşdirip, Google-yň ilkinji Afrika maglumat merkeziniň ýerleşýän Günorta Afrikasyna baryp, infrastrukturanyň möhüm elementine öwrüler.
Ugruň ýerüsti bölegi Liquid Intelligent Technologies kompaniýasynyň kömegi bilen eýýäm goýuldy. Kabeliň suwasty bölegi yklymlary birleşdirmek bilen Hindi ummanyndan geçer. Taslamanyň 2026-njy ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.
Umoja suwasty kabellere zeper ýetmegi sebäpli ozal ep-esli bökdençlik çekýän  sebitde toruň durnuklylygyny ýokarlandyrar.
Global tor infrastrukturasy boýunça Google Cloud-yň wise-prezidenti Braýan Kuigliniň sözlerine görä, täze kabel Afrika ýurtlary bilen  dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda has ygtybarly aragatnaşygy üpjün eder, bu sebitiň ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.
Suwasty kabelleri çekmek Google, Amazon, Meta we Microsoft ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary üçin strategiki ugur bolup durýar. Bu infrastruktura maýa goýmak, goý, ol öý ulanyjylary üçin akym hyzmatlary bolsun ýa-da kärhanalar üçin bulut hasaplamasy - tapawudy ýok, ulanyja edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär.


14.06.2024 10:26
2525

Dünýägözel Gulmanowa Awstraliýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

12-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi...

07.06.2024 11:53
3326

Argentinanyň Prezidenti emeli aňyň kömegi bilen döwlet reformasyny geçirmek isleýär

Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileý döwlet dolandyryş ulgamynda özgertmeleri geçirmek üçin emeli aňdan peýdalanmak meýilnamalary barada aýtdy diýip, TASS habar berýär.   “Biz döwlet özgertmeleriniň indiki tapgyrynyň...

12.05.2024 21:24
4024

Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa tehnologiýa ägirtlerine gözegçiligi güýçlendirer

Ýewropanyň we ABŞ-nyň yzýany Aziýa ýurtlary hem iri tehnologiýa kompaniýalarynyň işine gözegçiligi güýçlendirýärler. Faýnansal Taýms gazetiniň habar bermegine görä, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa Apple...

19.03.2024 16:46
2844

Türkmenistanyň Awstraliýadaky täze ilçisi ýurduň Hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirdi

Awstraliýa iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň täze bellenilen ilçisi A.Baýramow ýurduň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat...