Google maglumatlaryň gizlinligini bozandygy üçin Tehasa 1,375 mlrd dollar tölär

  • 13.05.2025 14:14
  • 3.3k+

Google kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini bozandygy baradaky aýyplamalary çözmek üçin, ştata 1,375 mlrd dollar tölemäge razy boldy. Bu barada Tehasyň baş prokurory Ken Pakston habar berdi.

2022-nji ýylda Tehasyň prokuraturasy Google kompaniýasyna garşy iki sany kazyýet işi bilen ýüz tutupdy. Kompaniýa geolokasiýa maglumatlaryny, inkognito (gizlinlik) režimindäki gözleg maglumatlaryny we biometriki maglumatlary bikanun ýygnamaklykda aýyplandy. Prokuraturanyň beýanatynda bellenilişi ýaly, bu öz görnüşindäki iň uly ylalaşykdyr. Mundan ozal hiç bir ştat Google-dan şeýle düzgün bozulmalar üçin 93 mln dollardan köp pul alyp bilmändi.
2024-nji ýylda Tehas ştaty Meta-dan, ýagny Facebook we Instagram-yň enelik kompaniýasyndan ulanyjylaryň biometriki maglumatlaryny rugsatsyz ulanandygy üçin, 1,4 mlrd dollar alypdy.

«Tehasta iri tehnologiýa kompaniýalary kanundan üstün däldir» — diýip, Pakston aýtdy. Onuň sözlerine görä, Google öz hyzmatlarynyň üsti bilen adamlaryň hereketleriniň yzyny, gözleg taryhyny, ses ýazgylaryny we ýüzüniň geometriýasy baradaky maglumatlary gizlin ýagdaýda ýygnapdyr.

Google kompaniýasynyň wekili Hose Kastaneda bu ylalaşyk bilen kompaniýanyň günäni ýa-da jogapkärçiligi boýun almaýandygyny aýtdy. Kazyýet işi Chrome brauzerindäki inkognito režiminiň sazlamalaryna, Google Maps-de ýerleşýän ýer taryhyna we Google Photos-daky biometriki maglumatlaryň ulanylyşyna degişli bolupdyr. Kastaneda bu ylalaşyk sebäpli Google-yň önümlerine hiç hili üýtgeşmäniň girizilmejekdigini, kompaniýanyň syýasatyndaky ähli üýtgeşmeleriň öň yglan edilendigini ýa-da eýýäm güýje girendigini belläp geçdi.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......