Aşgabatda Ankara köçesinde durky täzelenenden soň №142 AÝGB açyldy

  • 26.05.2024 19:54
  • 15k+

25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Köpetdag etrabynyň Ankara köçesinde ýerleşýän 142-nji ýangyç guýujy bekedi düýpli durky täzelenip ulanylmaga berildi. Bu barada ORIENT agentligi habar berdi.

 

Döwrebaplaşdyrylan ýangyç bekedi häzirki zaman hyzmat ülňülerine we daşky gurşawyň howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýerde müşderiler üçin amatly şertler döredilendir.
142-nji täzelenen ýangyç guýujy bekediniň kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenendir. Desganyň umumy meýdany 1 gektara barabardyr. TNÖ kybap görnüşinde bezelip, onuň çäginde operator binasy, ýangyç ammary, ýangyç guýujy kolonkalaryň 10 sanysy, her biri 60 m³ 5 sany ýangyç rezerwuary, turbageçirijiler we beýleki zerur bolan inženerçilik desgalary bar. Hemme enjamlar kesgitlenen sanitariýa, ýangyna garşy we tehniki ülňilere laýyk gelýär we desganyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny üpjün edýär.


şu gün 15:39
194

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....