3-nji iýunda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

  • 26.05.2024 09:23
  • 7.7k+

3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şol çärelere taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda,

  • 3-nji iýunda Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar;
  • 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär;
  • 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň “Welotrek” sport toplumynda “Siz bilen sportda gadamlar batly, Ak geljege ýörelgämiz Arkadag” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmegini, şeýle hem bu baýram mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerini talabalaýyk geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy. 


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....