Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady

  • 26.05.2024 01:49
  • 10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gutlady.

"Kanun esasynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolan hem-de Merkezi Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň ähli gözellikleri, ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp seýilgähleridir suw çüwdürimleri, kaşaň köşkleri, myhmanhanalary gözüňi dokundyryp, kalbyňy güneş kimin çoýýar, göwnüňi galkyndyryp, ruhuňy göterýär. Ady dillerde aýdyma öwrülen ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostlugyň hem myhmansöýerligiň asylly däplerini aýawly saklaýan şäher hökmünde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny äleme buşlaýar" diýlip Gutlagda aýdylýar.
"Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz dürli çäreleriň, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Olara dünýäniň onlarça ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, wekiller, syýasatçylar, iri kompaniýalaryň, firmalaryň ýolbaşçylary we beýleki işewürler işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi soňky ýyllarda dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistana, ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň, Aşgabada tarap täze ýollaryň açylýandygynyň aýdyň güwäsidir" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......