Samsung Qualcomm Snapdragon X Elite bilen işleýän Galaxy Book4 Edge noutbuklaryny hödürledi

  • 25.05.2024 23:14
  • 1.9k+

Günorta Koreýanyň ägirdi Samsung bir kristally Qualcomm Snapdragon X Elite ulgamy bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book4 Edge seriýaly Windows on Arm noutbuklarynyň täze setirini hödürledi diýip,  Gizmochina habar berýär.

Täze enjamlaryň 14 we 16 dýuýmlyk wersiýalary bar. 14 dýuýmlyk modeliň agramy bary-ýogy 1,16 kg we galyňlygy 10,9 mm bolup, ony bazardaky iň ýeňil noutbuklaryň birine öwürýär. 16 dýuýmlyk wersiýa birneme galyň (12,3 mm) we has agyr (1,55 kg).
Iki model hem 120 Hz täzelenme tizligini we HDR goldawy bilen 3K (2880 x 1800 piksel) durulykda AMOLED displeýleri aldy. Ekranlar 500 nite çenli ýagtylygy üpjün edýär, 120% DCI-P3 reňk giňişligini gurşap alýar we 10 galtaşmaly multitaç goldawly sensor dolandyrylyşy bar.
Galaxy Book4 Edge degişlilikde 16 Gb RAM we kuwwatlylygy 55,9 Wth we 61,8 Wth bolan batareýalar bilen üpjün edilendir. Portlar toplumyna iki USB4, HDMI 2.1, gulaklyklar üçin 3,5 mm jack girýär we 16 dýuýmlyk wersiýasynda USB 3.2 Type-A we microSD ýat kartalary üçin ýer bar.
Samsung Galaxy Book4 Edge 18-nji iýunda Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Günorta Koreýa, Ispaniýa, Angliýa we ABŞ ýaly dürli bazarlarda satylyp başlanar.


22.03.2026 04:00
3k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.5k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
12k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...