Oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler

  • 24.05.2024 21:29
  • 4.7k+

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu baradaky mesele ýakynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda medeniýet pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ilkinji nobatda iki döwletiň döwlet ýolbaşçylarynyň medeni-gumanitar ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmege aýratyn üns berýändiklerini bellediler.
Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda medeni-gumanitar ugrunda ýetilen anyk sepgitler we ýola goýlan ýakyndan hyzmatdaşlyk bar. Iki döwletiň medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň 2023-nji ýylda geçirilendigini bellemek bolar.  
Şol bir wagtda Ermenistanyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ermeni kompozitory Arno Babajanýana bagyşlanan konsertiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.7k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......