Russiýada 40 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar - Mişustin

  • 24.05.2024 19:40
  • 16k+

24-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen RF-niň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk, şol sanda Türkmenistanda rus diline ýöriteleşdirilen mekdepleriň gurluşygy, şeýle hem sebitara gatnaşyklary ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.

"Biz bilim ulgamymyz barada gepleşikleri geçirdik" - diýip, Mişustin duşuşygyň netijeleri boýunça belledi. Mişustin häzirki wagtda Russiýada Türkmenistandan 40 müňden gowrak talybyň bilim alýandygyny, şolardan 7,5 müňüsiniň rus hökümetiniň talyp hakyny alýandygyny nygtady.
"Rus mekdepleriniň gurluşygy, institutlaryň, uniwersitetleriň şahamçalaryny açmakda hyzmatdaşlygy dowam etmek barada gürrüňdeş bolduk" - diýip, ol belledi.

Şeýle hem RF-niň Premýer-ministri şu ýylda Türkmenistan üçin möhüm senäniň - Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekdi. "Biz hem Russiýada bu şahsyýete bagyşlanan köp sanly çäreleri geçireris" diýip, rus Hökümetiniň Başlygy belledi.


düýn 16:30
618

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
755

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......