BSGG bejerip bolmaýan iň howply superbakteriýalaryň sanawyny täzeledi

  • 24.05.2024 14:22
  • 6286
BSGG bejerip bolmaýan iň howply superbakteriýalaryň sanawyny täzeledi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “ileri tutulýan bakterial patogenler (BPPL) 2024” atly täze sanawy çap etdi. Oňa antibiotiklere durnukly bakteriýalaryň 15 maşgalasy girýär.

BSGG adamlar üçin iň howply superbakteriýalaryň sanawyny täzeledi: antibiotiklere durnukly 15 maşgala howp derejesine görä üç kategoriýa bölünýär.

Howply sanawda: 

  • Acinetobacter baumannii (keselhana içindäki ýokançlyklar, pnewmoniýa)
  • 3-nji nesil sefalosporinlere we karbapenemlere durnukly Enterobacterales (salmonella, gyrgyn we içege taýajyklary)
  • Rifampisine durnukly Mycobacterium tuberculosis (inçekesel)

Ýokary ähmiýet berilmelileriň sanawynda:

  • Salmonella Typhi (garyn garahassalygy), ftorhinolonlara çydamly
  • Shigella spp. (ganly içgeçme), ftorhinolonlara çydamly
  • Enterococcus faecium (neonatal meningit, endokardit), wankomisine çydamly
  • Pseudomonas aeruginosa (gök iriňli taýajyk), karbapenemalara çydamly
  • Garyn garahassalygy däl salmonella, ftorhinolonlara çydamly
  • Neisseria gonorrhoeae (gonoreýa), 3-nji nesil sefalosporinlere we / ýa-da ftorhinolonlara çydamly
  • Staphylococcus aureus (altynsow stafilokokk) metisilline çydamly

Orta dereje ähmiýet berilmelilileriň sanawynda gowşak toparlarda ünsi talap edýän bakteriýalar: 

  • A topar streptokokklar, makrolidlere çydamly
  • Streptococcus pneumoniae, makrolidlere çydamly
  • Haemophilus influenzae, ampisilline çydamly
  • B topar streptokokklar, penisilline çydamly

BSGG-niň hünärmenleri howp derejesiniň ýokarlanýandygyny, täze antibiotikleriň bolsa superbakteriýalara garşy göreşip ýetişmeýändigini nygtaýarlar.
BSGG bu meselä garşy göreşmek üçin antibiotikleri ulanmagy çäklendirmäge, täze dermanlaryň işläp taýýarlanyşyna maýa goýmaga, arassaçylyk şertlerini gowulandyrmaga we jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga çagyrýar.


09.06.2024 12:48
12814

Türkmenistanda halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropileni öndüriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň zerurdyny belledi...

07.06.2024 13:13
2548

Bürmege garşy sanjym Parkinson keseliniň öňüni alyp biler

Ysraýylyň alymlary, megerem, Parkinson keseliniň öňüni almagyň usulyny tapan bolsalar gerek. Olaryň MedRxiv web sahypasynda çap edilen barlagynda görkezilişine görä, bürmege garşy sanjym edilen adamlaryň bu neýrodegeneratiw...

07.06.2024 11:40
18215

Dünýäde rak keseline garşy ilkinji sanjym synagdan geçirilýär: ilkinji hassanyň gürrüňi

Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugy (NHS) rak keseline garşy dünýäde ilkinji sanjymy kliniki synaglardan geçirmäge başlady. “Rak keseline garşy sanjym çykarmak” programmasyna eýýäm onlarça näsag goşuldy...

06.06.2024 11:37
6365

Daşoguz welaýatynyň saglygy goraýyş edarasyna "emeli böwrek" - Dialog+ enjamy gowşurdyldy

5-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ...