iPhone 16 täze reňklerde elýeterli bolar

  • 24.05.2024 11:18
  • 15k+

Tianfeng International-yň analitigi Ming-Çi Kuo iPhone 16 hatarynyň täze reňkleri barada habar berdi diýip, IXBT habar berýär.

Onuň berýän maglumatyna görä, iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max gara, ak ýa-da çal (ýa-da "natural titan"), çal ýa-da gülgüne reňklerde elýeterli bolar. Mümkin Blue Titanium reňki gülgüne titan reňkiniň peýdasyna iPhone 16 Pro hataryndan aýrylar.
iPhone 16 we iPhone 16 Plus gara, ýaşyl, gök we ak reňklerde çykar. Bu diýildigi, sary reňke derek ak reňk çykar.
Kuonyň bellemegine görä, Apple bar bolan reňkleriniň adyny üýtgedip biler.

Şu maglumat peýda bolan badyna Majin Bu lakamy bolan insaýder iPhone 16-nyň standart wersiýasynyň iki reňkden - ak we gara reňklerden ybarat täze suratlaryny paýlaşdy.
Garaşylyşy ýaly, iPhone 16-nyň täze hatary 2024-nji ýylyň sentýabrynda çykar.
Öň habar berlişi ýaly, iPhone 16 hatary foto düşürmek üçin ýörite düwmä eýe bolar. Ol sensor arkaly dolandyrylar we masştaby üýtgedip bolar.


şu gün 11:20
772

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...