Dünýäde ynsan ömrüniň dowamlylygy 2050-nji ýyla çenli 5 ýyl artar

  • 24.05.2024 11:04
  • 10k+

“The Lancet” žurnalynda neşir edilen täze barlagyň netijesine görä, ynsan ömrüniň dowamlylygy 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2050-nji ýyla çenli 5 ýyl artar. Bu adamlaryň ortaça 78,2 ýaşa çenli ýaşajakdygyny aňladýar. Ösüşe, ne geosyýasy, ne howa ne-de daşky gurşaw kynçylyklary päsgel berip bilmez.

Waşington uniwersitetiniň alymlary dünýädäki keseliň agyrlygy baradaky maglumatlary analiz etdiler. Netijede ömür dowamlylygynyň ýokarlanmagynyň, esasan, ýürek-damar kesellerinden, dem alyş ýokançlaryndan we inçekeselden ölümiň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny anykladylar.
1990-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli ömrüň dowamlylygy her ýyl ortaça 0,27 ýyl ýokarlandy. COVID-19 pandemiýasy ösüşi 0,16 ýyla çenli haýallatdy.
Ýokarda sanap geçilen kesellerden ölümiň azalmagy, esasanam, Afrikanyň, Latyn Amerikasynyň we Karib deňziniň ilatyna täsir etdi. Şeýle hem, ene we çaga ölümliliginiň azalmagy, bilime we saglygy goraýşa elýeterliligiň ýokarlanmagy, iýmitleniş we ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy ýaly beýleki faktorlar ösüşe täsir edýärler.
Barlagy geçiren alymlar çilimkeşlige, semizlige we zyýanly iýmitlenmelere garşy göreşmek ýaly keselleriň öňüni alyş maksatnamalaryna maýa goýumlaryny köpeltmäge çagyrdylar.
Şeýle-de bolsa, ömrüň dowamlylygynyň ýokarlanmagy adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşajakdygyny aňlatmaýar. 2050-nji ýyla çenli dünýädäki sagdyn ömrüň bary-ýogy 2,6 ýyl, ýagny 67,4 ýyla çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu diýildigi adamlar uzak ýaşarlar, emma keselleriň aşa köplügi bilen bile ýaşamaly bolarlar.


17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.7k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.7k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......