Nepally alpinist 30-njy gezek Ewereste çykyp, öz rekordyny täzeledi

  • 23.05.2024 08:33
  • 15k+

Nepally ýolbelet-alpinist Kami Rita bir aýyň içinde ikinji gezek we ömründe 30-njy gezek dünýäniň iň beýik depesi Ewereste (8848 metr) çykdy. Bu barada AFP ekspedisiýanyň guramaçylaryna salgylanyp habar berýär.

54 ýaşly Kami Rita Ewereste çykmak boýunça öz rekordyny täzeledi. Nepallynyň dünýäniň iň beýik depesine 29-njy ekspedisiýasy maý aýynyň birinji ýarymynda boldy.
Ilkinji gezek Kami Rita Ewereste 1994-nji ýylda çykdy we şondan bäri her ýyl diýen ýaly depä çykdy. Onuň kakasy ilkinji ýolbelet-şerpleriň biri bolan.
Geçen ýyl Kami Rita bir hepdede iki gezek Ewereste çykyp, dünýä rekordyny goýdy. Ol hasabynda 27 gezek depä çykan kärdeşi Pasang Dawa bilen bäsleşýär.
Nepalda ýaşaýan halklaryň biriniň wekilleri bolan şerpler, köplenç, Ewereste çykýan alpinistler üçin ýolbelet bolýarlar.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....