Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy

  • 22.05.2024 07:38
  • 5.3k+

Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy. 2024-nji ýylyň aprelinde Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi 17 140 elektrik ulagyny satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 90% köp. Kia-nyň umumy satuwynda elektrik ulaglarynyň paýy 7%-e ýetdi diýip, ITHome habar berýär.

Satuwyň umumy ösüşine garamazdan, Kia-nyň flagman EV6 modeline bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende 39% azaldy we onuň 5728 sanysy satyldy.
Kia 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda täze EV3-iň we täzeden dizaýn edilen EV6-nyň satuwa çykarylmagy kompaniýa elektrokarlaryň satuwynyň ösüşini ýokary depginde  saklamaga mümkinçilik berer diýip garaşýar.
Kia 2024-nji ýylyň aprelinde jemi 261022 awtoulag satyp, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,6% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, 2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda jemi satuw 1 milliondan geçdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,6% az.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....