Türkmenistan we RF Puşkin adyndaky teatryň täze binasynyň gurluşygyny maslahatlaşýarlar

  • 21.05.2024 15:22
  • 11k+

Russiýa we Türkmenistan Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň täze binasynyň gurluşygyny maslahatlaşýarlar. Bu barada TASS agentliginiň žurnalistlerine RF-niň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew habar berdi.

«Türkmenistan bilen geňeşmelerimiz gurluşyk işleriniň tiz wagtda başlanjakdygyna ýardam eder diýip umyt edýäris. Bizde eýýäm bu babatda Täjigistan bilen hereket edýän tejribämiz bar. Duşenbede Maýakowskiý adyndaky teatryň gurluşygy başlandy. Şonuň üçin hem tejribämizi bu ýerde hem ulanyp bileris" diýip, Malyşew belledi.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry 1926-njy ýylyň güýzünde esaslandyryldy, 1937-nji ýylda bolsa rus nusgawy şahyry Puşkiniň adyny aldy. Häzirki wagtda teatr Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.


düýn 10:10
2.7k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......