Dünýäde ilkinji wodorod ýahtasy bolan 119 metrlik äpet Project 821 suwa goýberildi

  • 21.05.2024 14:04
  • 14k+

Niderlandlaryň Feadship gämi abatlaýyş kärhanasy dünýädäki ilkinji wodorod ýahtasy bolan Project 821-i ulanyşa girizdi. Bu Niderlandlarda gurlan iň uly ýahtadyr diýip, “Haýtek” ýazýar.

Project 821-iň uzynlygy 119 metr, ini - 19 metr. Bu ýahtanyň esasy aýratynlygy – onuň iň ýeňil himiki element bolan wodorodda işleýän elektrik stansiýasynyň bolmagydyr. 1 m³ suwuk wodorodyň agramy bary-ýogy 70 kg, bu dizel ýangyjynyň 1 m³-den 10 esse az.
Şol bir wagtda wodorody saklamagyň ep-esli tehniki kynçylyk döredýändigini bellemelidiris. Munuň üçin inženerler ýahtanyň palubasynyň aşagyna -253 ° C-den gaty pes temperaturada 92 m³ (takmynan 4 tonna) wodorody saklap bilýän ýörite rezerwuar ýerleşdirdiler.
Project 821 hemişe wodorodda işläp bilmeýär. Şeýle-de bolsa, portlara girilende, ekologiýa taýdan arassa ýerlerde ýüzülende ýa-da ýahta gämi duralgasynda yşyklaryny ýakmak, ýyladyş we kondisioner üçin wodorody ýuwaşlyk bilen ulananda “ýaşyl” režime geçmek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.
Ýahtanyň wodoroddaky iň ýokary tizligi sagatda 18 km.
Project 821-de daşky gurşawa zyýansyzlyk we rahatlyk özara sazlaşýar diýip bellenýär. Bu ýahtada iki ýatylýan otag, iki hammam otagy, iki geýim otagy, iki ofis otagy (her birinde diwarojak we myhman otagy bar), sport zaly, kitaphana, naharhana, ammar we lift bar. Mundan başga-da, ýahtanyň burun tarapynda doly bahaly gezelenç palubasy we jakuzi bar.


20.04.2026 18:05
2.5k+

«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär

Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär....

30.03.2026 15:21
3.3k+

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýanyň ähtimal jaýlanan ýeri tapyldy

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýana degişli bolup biljek galyndylar tapyldy. Bu barada NOS teleýaýlymy habar berýär....

13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.8k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...