Blue Origin 90 ýaşly kosmos syýahatçysyny uçurdy, ol baryp 1961-nji ýylda kosmosa uçurylmaly eken

  • 21.05.2024 13:48
  • 16k+

19-njy maýda Blue Origin kompaniýasy alty adamdan ybarat ekipaž bilen New Shepard suborbital kosmos gämisini uçurdy. Bu barada TASS habar berýär.

Uçuryş Wan-Horn şäheriniň (Tehas ştaty) golaýyndaky kosmodromdan amala aşyryldy. Uçuş 11 minut töweregi dowam etdi we kosmos gämisi, takmynan, 100 km belentlige çykdy. Bu Blue Origin-iň 2022-nji ýyldan bäri ilkinji ekipažly uçuşy boldy.
Iki ýyl mundan ozal sürüjisiz uçuşyň dowamynda gäminiň bir bölegi weýran boldy, ýöne kapsula üstünlikli gonmagy başardy. Şondan soň Jeff Bezosyň kompaniýasy arakesme aldy we häzir adamly uçuşlaryny gaýtadan dikeltdi.


New Shepard-yň bortunda amerikaly maýadar Meýson Enjel, fransiýaly Silwen Hiron, inžener we telekeçi Kennet Hess, pensiýaçy Kerol Şeller, Hindistandan dolandyryjy Gopi Totakura, şeýle-de ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň 90 ýaşly weterany Ed Duaýt bardy. Ed Duaýt 1961-nji ýylda Prezident Jon Kennedi tarapyndan ýurtda kosmonawt bolmak üçin ilkinji garaýagyz dalaşgär hökmünde saýlanypdy, ýöne şol döwürler ol kosmosa uçup bilmedi.
Blue Origin 2000-nji ýylda Amazon-yň eýesi Jeff Bezos tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýa kosmos enjamlarynyň we raketa göterijileriň, şeýle-de raketa hereketlendirijileriniň önümçiligi bilen meşgullanýar.


düýn 23:15
3.2k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....