Türkiýe daşary ýurtly raýatlara ýany bilen birden artyk smartfon getirmegi gadagan eder

  • 21.05.2024 13:14
  • 12k+

2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan aýyndan başlap, Türkiýä barýan raýatlara ýurduň çägine ýanyň bilen diňe 1 (bir) mobil telefonyny almaga rugsat berler. Täze düzgün elektron tehnikalaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen girizildi diýip, AiF rus neşiri Karamanin Sesi neşirine salgylanyp habar berýär.

Täze düzgüne laýyklykda, ikinji telefon gümrük gullugy tarapyndan konfiskasiýa ediler (elden alnar) we wagtlaýyn goş saklanýan ammara goýlar. Telefonyň eýesi ony diňe ýurtdan çykyp barýarka alyp biler, özi hem, üç aýdan giç bolmadyk möhletde almaly.
2024-nji ýylyň 1-nji martyndan Türkiýä getirilen telefonlaryň işleýiş möhleti 120 günden 180 güne çenli artdyryldy. Bu möhlet tamamlanandan soň, türk operatorlary daşary ýurt enjamynyň GSM-modulyny "gara sanawa" goşarlar we smartfon ýurduň torlarynda işlemegini bes eder. Telefony blokdan diňe gümrük salgydyny töläp açdyryp bolar.


26.05.2026 12:36
2.9k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......

03.05.2026 16:13
7.9k+

Türkiýede uçarmanlary taýýarlamagyň 4 ýyllyk okuwyna dalaşgärleri kabul edişlik yglan edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara bäsleşik esasynda kabul edişlik yglan......