Alymlar Türkiýede Nuhuň gämisiniň çen bilen ýerleşýän ýerinde  gazuw-agtaryş işlerine başlarlar

  • 23.04.2025 14:04
  • 11k+

"Noah’s Ark Scans" taslamasynyň türkiýeli, beýik britaniýaly we ABŞ-ly arheologlardan ybarat barlagçylary Türkiýäniň Ararat dagynyň 30 km günortasynda Nuh gämisiniň çen bilen ýerleşýän ýerini öwrenmek boýunça meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar.

Olar äpet gämi Durupynar formasiýasynyň sebitinde ýer astynda gömlüp ýatan bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. Durupynar formasiýasy limonitden durýan,  uzynlygy 164 metrlik geologiki döreme bolup,  şekili we ölçegleri boýunça Mukaddes Ýazgylarda beýan edilen gämä meňzeýär.
Obýektde işler entek başlamady. Alymlar geofiziki barlaglary, burawlamak işlerini geçirmegi we zyýan ýetirmeýän derňew usullaryny ulanmagy, şol sanda radar arkaly skanirlemegi we topragynyň nusgalaryny almagy meýilleşdirýärler.

"Bu sebit ýer süýşmeleriniň we gazaply gyşlaryň bolýan sebitinde ýerleşýär. Ýeri goramak ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar. Öňümizdäki ýyllarda türk uniwersitetlerinden bolan hyzmatdaşlarymyz tapylan desgalar adam tarapyndan döredilipmi ýa-da tebigy emele gelipmi anyklamak üçin toprakdan nusga almak, radar arkaly skanirlemek ýaly zeper ýetirmeýän barlaglary geçirerler. Gazuw-agtaryş işleri diňe ýeterlik subutnamalar toplanylandan we obýekti gorap saklamagyň  meýilnamasy işlenip düzülenden soň başlanar” diýip, barlagyň esasy işgäri Endrýu Jons The Sun neşirine gürrüň berdi.

Geçen ýyl geolog Mehmet Salih Baýraktutan Durupynardaky geostrukturadan topragyň 22 nusgasyny ýygnady. Derňew, daşyndaky meýdana garanyňda, gäminiň çak edilýän gurluşynyň içinde organiki maddalaryň we kaliniň ýokary derejede bardygyny görkezdi. Şeýle hem, gurluşyň içinde pH-niň (wodorod görkezijisi) has pesdigi habar berilýär.

"Bu üýtgeşmeler çüýrän agajyň bardygyny çak etmäge laýyk gelýär" –diýip, barlagçylar mälim etdiler. Ýene bir üns berlen möhüm zat: gurluşyň içindäki otlar güýzde has açyk we sary reňkde bolýar. Bu bolsa alymlara munuň landşaftyň tebigy üýtgemesi däl-de, elde gurlan gadymy desgadygyna ynanmaga esas berýär.

2019-njy ýylda geçirilen radar barlaglary, takmynan, 7 metr çuňlukda gönüburçly şekilleriň bardygyny ýüze çykardy. Maglumatlary täzeden gözden geçiren amerikaly geofizik formasiýanyň içinde açyk boşluklaryň bardygyny görkezýän uly merkezi giňişlige alyp barýan uzyn dälizi tapdy. Topar burawlap deşik deşmegi we meýdança zeper ýetirmezden barlamak üçin kamerany ulanmagy meýilleşdirýär.

"Häzirlikçe netijeler biziň çaklamalarymyzy tassyklaýar. Topragyň derňewleri bu formasiýanyň diňe töwerekdäki palçyk akymynyň bir bölegi bolman, eýsem özbaşdak obýektdigini görkezýär" –diýip, Jons belledi.

Barlaglar dowam edýär, ýöne hünärmenler gutarnykly netijeler barada bir zat aýtmaga entek irdigini nygtaýarlar.


düýn 20:16
3.9k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
2k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 00:04
5.7k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

30.05.2026 07:40
3.7k+

50 ýyllyk gözegçilikler ýekebara ene-atalaryň bagtlylyk we durmuşdan kanagatlanma derejesini görkezdi

Ýekebara ene-atalar ortaça durmuşdan kanagatlanma derejesiniň är-aýal jübütlerine garanyňda pesdigini, ýöne güýçli sosial goldaw bolan ýagdaýynda, olar çagasyz ýalňyz adamlar bilen deňeşdireniňde, özlerini......