Altynyň bahasy täze iň ýokary derejesine ýetdi

  • 20.05.2024 20:04
  • 12k+

Altynyň bahasy bir unsiýa üçin 1,4%, 2450,07 dollara çenli ýokarlanyp, täze taryhy derejesine ýetdi. Bahalaryň gymmatlamagyna Federal ätiýaçlyk gaznasynyň şu ýyl pul-karz syýasatyny ýeňilleşdirip başlajakdygy bilen baglanyşykly optimizm täsir etdi.

Bloomberg beýleki faktorlaryň arasynda Ýakyn Gündogarda artýan geosyýasy dartgynlylygy belleýär.
Bahalaryň täze böküşi aprel aýynda gazanylan öňki rekorddan geçdi. Treýderler Federal ätiýaçlyk gaznasynyň sentýabr aýynda gymmatly kagyzlary satyn almagyň bahasyny arzanladyp biljekdigini çaklaýarlar, bu hem altynyň bahasynyň ýokarlanmagyna itergi berer.
Geçen hepde ABŞ-nyň dollary pese gaçdy, gazna obligasiýalary bolsa inflýasiýa aprel aýynda garaşylandan has haýallandan soň ýokarlandy. Bu öz gezeginde gymmat bahaly metala goldaw berdi.
Altyn Eýrandaky pajygaly wakalardan soň hem üns merkezinde boldy. Bu habar Gyzyl deňizdäki durnuksyz ýagdaýlaryň esasynda sebitde geosyýasy töwekgelçilikleriň artýandygyny görkezdi.

şu gün 09:58
0

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

şu gün 09:24
298

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

düýn 14:43
8k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....