Müsürde faraonlaryň guburlarynyň aşagyndan syrly desga tapyldy

  • 20.05.2024 12:05
  • 17k+

Arheologlar uzakdan zondirleme usulyny ulanyp, Müsürdäki Giza gonamçylygynyň golaýynda ýeriň astyndan L görnüşli syrly desgany tapdylar. Alymlar munuň nähili desgadygyny we nirä eltýändigini heniz bilenoklar diýip, Archaeological Prospection žurnalyna salgylanýan Hi-Tech ýazýar.

Bu täsinlik ýeriň astyndan, iki metr çuňlukdan tapyldy. Onuň uzynlygy azyndan 10 metr bolup, çäge basypdyr. Alymlar munuň ýerasty girelge bolup biljekdigini çaklaýarlar, ýöne nirä alyp barýanyny indi anyklamaly.
Desganyň günbatar böleginde şa maşgalasynyň agzalary we ýokary derejeli hökümet işgärleri jaýlanypdyr. Mazarlaryň köpüsinde tekiz üçekli ýerüsti gönüburçly daş ýa-da toýun kerpiçden gurluşlarynyň - mastabalarynyň bardygy bellendi. Emma, gonamçylygyň merkezinde hiç hili ýerüsti desga ýok ýeri hem bar.
Gözlegçiler täsinligi tapmak üçin elektrik garşylyk tomografiýasy (ERT) we georadiolokasiýa (GPR) usullaryny ulandylar. ERT alymlara elektrik toguny ýere ibermäge we garşylygy ölçemäge mümkinçilik berýär, GPR bolsa ýeriň astyndaky desgalary gözlemek üçin elektromagnit tolkunlaryň impulslaryny ulanýar.
Häzir alymlar syrly desga barada has giňişleýin maglumat almak üçin gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýärler. Häzirlikçe diňe bir zat düşnükli - bu “däliziň” gelip çykyşy tebigy däl – beýle bolardan burçlary juda ýiti.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....