Türkmen wekiliýeti Eýranyň Gürgen şäherinde zyýarat sapary bilen boldular

  • 19.05.2024 13:10
  • 16k+

Türkmenistanyň wekilçilikli topary Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatynyň Gürgen şäherinde zyýarat sapary bilen boldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Gürgen şäheri welaýatyň edara ediş merkezi bolmak bilen, ol Hazar deňzinden 30 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýär.
Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň we ýerli medeniýet hem-de sungat wekilleriniň guramagynda ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çärelerde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýeten derejesi öz beýanyny tapdy. Şunda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Şol gün Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çaý başyndaky duşuşygy geçirildi. Onda akyldar şahyryň ýubileý dabaralaryny giňden ýaýbaňlandyrmak we şahyryň döredijilik dünýäsini ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......