Ýokary öndürijilikli superkompýuterleriň reýtingi hödürlendi. Olaryň 171-isi ABŞ-da, 80-isi Hytaýda

  • 19.05.2024 12:10
  • 4.8k+

Dünýäde iň ýokary öndürijilikli superkompýuterleriň täzelenen Top-500 reýtingi hödürlendi. Sanawyň ilkinji bäş orny üýtgewsiz galdy. Eýýäm üçünji gezek birinji orny ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Ok-Rij milli barlaghanasyndan Frontier superkompýuteri eýeleýär diýip, Habr portaly habar berýär.

8,7 million AMD EPYC 64C 2GHz prosessor ýadrosy bilen üpjün edilen Frontier 1,206 ekzaflops öndürijiligi görkezýär. Bu reýtingdäki beýleki superkompýuterlerden ep-esli ýokarydyr.
Ikinji orunda ABŞ-nyň Argonn milli barlaghanasyndan Aurora klasteri ýerleşdi. Onuň öndürijiligi ýadrolaryň sanynyň 4,8 milliondan 9,2 milliona çenli artdyrylmagynyň netijesinde 585 petaflopsdan 1,012 ekzaflopsa çenli ýokarlandy.
Üçünji orny Microsoft kompaniýasynyň Eagle superkompýuteri eýeledi. Ol 2 million Xeon Platinum 8480C 48C 2GHz prosessor ýadrosyna eýe bolup, 561 petaflops öndürijiligi berýär.
Dördünji orunda RIKEN fiziki-himiki gözlegler institutyndan ýapon superkompýuteri Fugaku, bäşinji orunda Finlýandiýadaky Ýewropa superkompýuter merkeziniň (EuroHPC) LUMI superkompýuteri ýerleşdi.
Belläp geçsek, reýtingde 171 sany superkompýuter (umumy öndürijiligiň 34,2%-i) bilen ABŞ agdyklyk edýär. Hytaý 80 sistema (16%) bilen ikinji orny eýeleýär. Olaryň yzyndan Germaniýa (40), Ýaponiýa (29), Fransiýa (24), Beýik Britaniýa (16), Günorta Koreýa (13), Italiýa (11), Kanada (10) we Niderlandlar (9) gelýär.
Operasion sistemalaryň reýtinginde henizem Linux öňdebaryjydyr, prosessorlaryň arasynda bolsa CPU Intel agdyklyk edýär. Ýarym ýylyň içinde reýtingiň ähli sistemalarynyň umumy öndürijiligi 7-den 8,2 ekzaflopsa çenli, prosessor ýadrolarynyň sany bolsa 106,3 milliondan 114,6 milliona çenli ýokarlandy.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....