Ronaldu dünýäde iň köp girdeji gazanýan türgen boldy

  • 18.05.2024 16:38
  • 12k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu “Forbes” žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylda iň köp girdeji alýan türgen hökmünde bellendi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Soňky 12 aýda Ronaldu 260 mln dollar gazandy, şolardan 200 mln dollary Saud Arabystanynyň kluby bilen baglaşylan şertnama üpjün etdi, ýene 60 mln dollary ol dürli hemaýatkärlik şertnamalaryndan gazandy.
Ikinji orna 29 ýaşly ispaniýaly golfçy Jon Ram (218 mln dollar) çykdy. 2022-nji ýylyň reýtinginde birinji orny we 2023-nji ýylda ikinji orny eýelän argentinaly futbolçy Lionel Messi ýene bir setir aşak düşüp, 135 mln dollar bilen üçünji orunda ýerleşdi.
Şeýle-de, ilkinji onluga basketbolçylar Lebron Jeýms (4-nji orun, 128,2 mln dollar), Ýannis Adetokunbo (5, 111 mln dollar) we Stefen Karri (9, 102 mln dollar), futbolçylar Kilian Mbappe (6, 110 mln dollar), Neýmar (7, 108 mln dollar) we Karim Benzema (8, 106 mln dollar), şeýle-de amerikan futbolynyň oýunçysy Lamar Jekson (10, 100,5 mln dollar) girdi.


düýn 23:41
1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......