Dubaý 72,5 müň millioneri bilen Ýakyn Gündogarda iň baý şäher bolup çykdy

  • 17.05.2024 19:45
  • 15k+

72,5 müňden gowrak millioneriň ýaşaýan ýeri bolan Dubaý Ýakyn Gündogaryň iň baý şäheri adyny aldy. Bu Henley & Partners we New World Wealth kompaniýalary tarapyndan düzülen täze hasabatdan gelip çykýar.

Hasabatda 2013-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 1 mln dollardan geçýän aktiwleri bolan adamlaryň sanynyň 78% ýokarlanandygy bellenilýär.
Mundan başga-da, Dubaýda baýlygy 100 mln dollardan geçýän 212 sany örän baý adam we 15 milliarder ýaşaýar.
Umuman, Dubaý baý adamlaryň sany boýunça dünýäniň iň uly 50 şäheriniň sanawynda 21-nji orny eýeledi. Birinji orunda Nýu-Ýork gelýär: ol ýerde 349,5 müň millioner we 60 milliarder ýaşaýar. Şeýle-de, ilkinji bäşlige San-Fransisko, Tokio, Singapur we London girýär.


11.07.2025 19:26
8.1k+

Dubaýdan startap gijeki görüşli aragatnaşyk linzalaryny işläp taýýarlamak  üçin 250 million dollar ýygnady

Dubaýda ýerleşýän Xpanceo kompaniýasy A tapgyrda (düýbüni tutuş tapgyryndan soň gelýär) 1,35 milliard dollarlyk diýlip bahalandyrylan işe 250 million dollar toplady.  Bu tapgyra başlangyjy 40 million dollar düýbüni tutuş serişdesi bilen üpjün eden Gonkongyň Opportunity Venture wençura gaznasy ýolbaşçylyk etdi diýip, Bloomberg habar berýär...

07.04.2023 07:37
22k+

Bloomberg: Milliarderler gozgalmaýan emlägi Londona garanyňda, Dubaýdan has ýygy satyn alyp başladylar

Baý adamlar  gozgalmaýan emlägi, köplenç, Londondan däl-de, Dubaýdan satyn almagy makul bilýärler diýip,  Bloomberg iňlis paýtagtyndaky gozgalmaýan emläk agentlikleriniň biriniň ýolbaşçysynyň sözlerine salgylanyp...

14.05.2022 13:58
14k+

Emirates awiakompaniýasy ýyllyk ýitgilerini bäş esse azaltdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň iň iri awiakompaniýasy bolan Emirates ýyllyk ýitgileriniň 1,1 mlrd dollara çenli azalandygyny, munuň özi geçen ýyla garanyňda 4,4 mlrd dollar kemdigini mälim etdi. Bu barada anna güni...

düýn 15:56
1.9k+

OpenAI-iň ýolbaşçysy täze şertnamalary baglaşmak üçin dünýä syýahatyna ugrady

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman maýa goýumlary çekmek we kompaniýanyň taslamalaryny ösdürmek maksady bilen Günorta-Gündogar Aziýa we Ýakyn Gündogara syýahata ugrady. The Wall Street Journal-yň maglumatlaryna görä, Altman garaşsyz EA infrastrukturasyny döretmek boýunça hyzmatlary öňe sürüp, enjamlary we komponentleri öndürmek üçin täze hyzmatdaşlary gözleýär...