Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel memuarlaryny çykarar

  • 17.05.2024 18:02
  • 8.3k+

Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel memuarlaryny çykarar, kitap “Erkinlik. Ýatlamalar 1954-2021” adyny alar. Bu barada “Pan Macmillan” amerikan neşirýatyna salgylanyp, The Guardian habar berýär.

Memuarlar şu ýylyň noýabr aýynda çykar. Bu kitapda syýasatçy GDR-de çagalygyndan başlap, tä syýasy karýerasyna we GFR häkimiýetiniň ýokary eşelonlarynda işine başlaýança geçen durmuş ýoly barada jikme-jik gürrüň berer.
Memuarlaryň adyny düşündirmek bilen, Merkel esasy maksadynyň özi üçin erkinligiň nämedigi baradaky soraga jogap bermekdigini aýtdy. Syýasatçynyň bellemegine görä, bu sorag onuň bütin ömrüni eýeleýär.
Şeýle-de, memuarlarda dünýäniň iň täsirli adamlary bilen geçirilen duşuşyklardan we söhbetdeşliklerden ýatlamalar we netijeler getiriler, kitap Germaniýanyň we umuman, dünýä syýasatyndaky öwrülişikli pursatlar hem-de biziň häzirki günümizi kesgitlän çözgütleriň kabul edilişi barada gürrüň berer.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......