Li Jon-je “Kalmar oýnunyň” ikinji möwsüminiň çykjak senesini aýtdy

  • 17.05.2024 16:34
  • 7.4k+

Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” serialynyň täze epizodlarynyň premýerasy 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Netflix striming hyzmatynda bolar. Ikinji möwsümiň çykjak senesini filmiň ýyldyzy Li Jon-je aýtdy.

“Ikinji möwsüm dekabr aýynda çykarylar” diýip, aktýor Business Insider bilen söhbetdeşlikde habar berdi.

Netflix heniz bu maglumaty resmi taýdan tassyklamady. Şeýle-de, Jon-je gyzyklanmany saklamak üçin sýužet barada maglumatlar bilen paýlaşmakdan ýüz öwürdi.
Ýatlap geçsek, “Kalmar oýny” pul üçin ölüm howply oýna baş goşýan adamlar barada gürrüň berýär. Serial 2021-nji ýylda Netflix-de görkezildi we dünýä boýunça millionlarça tomaşaçylary göni özüne çekmegi başardy. Ol meşhurlyk gazanyp, platformanyň taryhynda iň köp görülýän taslama boldy.
2023-nji ýylda Netflix serialyň esasynda “Kalmar oýny: Çagyryş” şouwyny çykardy. 2024-nji ýylyň iýun aýynda Li Jon-je başga bir uly taslamada – Disney+-den “Ýyldyz söweşijileri: Akolit” serialynda peýda bolar.


düýn 20:14
2.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......