Täze Kia Sorento Hybrid 2025 hödürlendi: esasy wersiýasy 2300 dollar arzanlady

  • 17.05.2024 13:16
  • 8.2k+

Kia 2025-nji model ýylynyň Sorento Hybrid-iniň we Plug-In Gibrid-iniň bahalary we komplektasiýalary baradaky maglumatlary çykardy.

 

IXBT-iň habar bermegine görä, plug-in gibridiniň esasy wersiýasyndan beýleki, köp modifikasiýalaryň bahasy ýokarlandy. Indi EX modifikasiýasy Plug-in Gibrid üçin başlangyç nokat, onuň bahasy 49 365 dollardan başlap, geçen ýyldakydan 2300 dollar arzanlady. Şol bir wagtyň özünde, alyjylar 261 at güýji bilen birmeňzeş gibrid transmissiýany alarlar. Awtoulag 1,6 litrlik dört silindrli turbo görnüşli hereketlendiriji, bir elektrik hereketlendirijisi we kuwwaty 14 kWt bolan batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Sorento 2025-iň ýöreýiş ätiýaçlygy diňe bir elektrik hereketlendirijisinde bary-ýogy 48 km.
Esasy Sorento Gibrid EX aşakdakylary öz içine alýar:

  • Elektrik priwodly we gyzdyrylýan öňdäki oturgyçlar
  • 12,3 dýumlyk merkezi displeý
  • 19 dýumlyk alýumin diskler
  • LED faralar
  • Simsiz Apple CarPlay we Android Auto.

 

 

Sürüjä zolagy saklamak kömegi, adaptasiýa kruiz-gözegçiligi, yzky ulag duýduryşy, görünmeýän zolak duýduryşy, öň tarap çaknyşygyň öňüni almak we beýlekiler ýaly sürüjilere kömek aýratynlyklarynyň standart toplumy hödürlenýär.
SX Prestige komplektasiýasynyň bahasy 54 465 dollar (öňküsinden 2800 dollar gymmat) we deri bezegi, gyzdyryjy we şemalladyjy oturgyçlar, Bose stereoulgam, iki sany 12,3 dýuýmlyk ekran we sürüjilere kömek ulgamynyň giňeldilen köp sanly aýratynlygy bar.
Ýumşak gibrid Sorento üçin bahalar hem ýokarlandy. Öň tekeri hereketli EX-iň bahasy  40 065 dollar we ähli tekeri hereketlisi – 41 865 dollar, degişlilikde, öňki modellerden 1700 dollar we 1200 dollar gymmat.
Sorento-nyň gibrid görnüşleriniň ikisi hem şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar.


09.05.2026 12:43
3.4k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....