“Ýoldaky jaý”: UFC-niň öňki söweşijisiniň başdan geçirmeleri dowam eder

  • 17.05.2024 07:29
  • 12k+

Amazon Prime Video hyzmaty “Ýoldaky jaý” filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini resmi taýdan mälim etdi. 2023-nji ýylyň remeýkinde baş keşbi ýerine ýetiren Jeýk Jillenhol hem Elwud Daltonyň obrazyna gaýdyp geler.

Sýužet barada heniz maglumat ýok. Režissýor hökmünde kimiň çykyş etjekdigi hem belli däl. Filmiň birinji bölümini Dag Laýman surata düşüripdi.
“Ýoldaky jaý” filminiň premýerasy 21-nji martda boldy. Amazon-yň maglumatlaryna görä, häzire çenli filme 80 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.
Film iş tapmaga synanyşýan UFC-niň öňki söweşijisi Elwud Dalton barada gürrüň berýär. Florida-Kisdäki restoranyň eýesi onuň ulagda uklap-oýanýandygyny görenden soň işe alýar we netijede, ol jenaýatkärler bilen baýkerleriň arasyndaky urşa çekilýär.
Filmde keşpleriň birini UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor ýerine ýetirdi.
Täze “Ýoldaky jaý” 1989-njy ýyldaky baş keşpde Patrik Sueýzi bolan adybir filmiň remeýki boldy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....