“Ýuwentus” 15-nji gezek futbol boýunça Italiýanyň Kubogyna eýe boldy

  • 16.05.2024 14:17
  • 6.3k+

“Ýuwentusyň” oýunçylary Italiýanyň Kubogynyň final oýnunda “Atalantany” 1:0 hasabynda utdular. Duşuşyk Rimdäki Olimpiýa stadionynda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminden Duşan Wlahowiç tapawutlandy (4-nji minut).

“Ýuwentus” 15-nji gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Turin topary bu görkeziji boýunça rekord eýesidir. Mundan öň, topar kubogy 1938, 1942, 1959, 1960, 1965, 1979, 1983, 1990, 1995, 2015, 2016, 2017, 2018 we 2021-nji ýyllarda aldy. “Atalanta” Italiýanyň Kubogynyň finalynda altynjy gezek oýnady, topar diňe 1963-nji ýylda ýaryşyň ýeňijisi boldy.


şu gün 15:42
3.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
11k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......