Dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýy 30%-den geçdi

  • 13.05.2024 23:06
  • 5.2k+

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň (GDEÇ) global sarp edişdäki paýy ilkinji gezek 30,3%-e ýetdi. Muny, Ember seljeriş merkeziniň maglumatlary subut edýär.

ITHome-iň habar bermegine görä, bu 2022-nji ýyldakydan 0,9% ýokary bolan rekord görkezijidir.
Esasan, ýel we Gün energiýasy bilen şertlendirilen GDEÇ-iň çalt ösmegi, gazylyp alynýan ýangyçlaryň, esasan hem, gazyň we kömrüň ulanylmagynyň azalmagyna getirýär. Bu ugruň (trendiň), şeýle resurslaryň azalmagyna mümkinçilik berip, dowam etdirilmegine garaşylýar.
Ýelden we Günden başga-da, gidroenergetika we bioýangyç hem GDEÇ-iň ösmegine täsir etdiler.
Geçen ýyl, GDEÇ-e geçişde Hytaýyň öňdebaryjy bolandygy, bellenip geçilýär.
Soňky 24 ýylda Gün energiýasynyň dünýä önümçiligindäki paýy 0,2%-den 13,4%-e çenli ýokarlandy.


19.05.2026 08:02
5.2k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
4.9k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

11.04.2026 23:33
8.4k+

Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem......