“Bolonýa” 60 ýylda ilkinji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşar

  • 13.05.2024 20:31
  • 8.9k+

“Bolonýa” 2024/2025-möwsüminde Çempionlar ligasynyň gatnaşyjysy bolar. Topar esasy ýewrokubok ýaryşyna soňky 60 ýylyň içinde ilkinji gezek gatnaşar diýip,  “Çempionat” portaly habar berýär.

Öň, “Bolonýa” Italiýanyň çempiony bolanyndan soň, 1964/1965-möwsüminiň Ýewropa çempionlarynyň kubogynda çykyş etdi. Mundan başga-da, Italiýadan Turiniň “Ýuwentusy” indiki möwsümiň Çempionlar ligasyna ýollamany kepillendirdi.
Mundan öň, Seriýa A-da özi üçin möhletinden ir çempionlygy Milanyň “Interi” gazandy. Topar 36 oýunda 92 utuk aldy. 2023/2024-möwsüminde Italiýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde ikinji orny 74 utuk bilen “Milan” eýeleýär. Üçünji orunda “Bolonýa” (67), dördünji orunda “Ýuwentus” (67) ýerleşýär.
12-nji maýda “Atalanta” “Romany” 2:1 hasabynda utdy we bäşinji orunda ýerleşdi (63).


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......