Eksklýuziwiň gözlegindemi? Örän seýrek Chevrolet Corvette C5-R ýaryş ulagy satuwa çykaryldy

  • 13.05.2024 10:40
  • 6.6k+

Lýuksemburgda örän seýrek Chevrolet Corvette C5-R satuwa çykaryldy. Bu Chevrolet kompaniýasy tarapyndan 1999-2005-nji ýyllar aralygynda zawod topary üçin gurlan bäşinji nesil Corvette-iň ýaryş modifikasiýasynyň 11 nusgasynyň biridir diýip, Art&Revs ekzotik awtoulag dileriniň web sahypasyna salgylanýan auto.ru habar berýär.

Taryhda iň üstünlikli Corvette ýaryş awtoulaglarynyň biri hökmünde tanalýan C5-R “Le Manyň 24 sagady” we “Sebringiň 12 sagady” ýaly dürli seriýalarda bir topar gezek ýeňiş gazandy.
Görkezilen №007 şassili nusga ilkibaşda zawodyň topary üçin ätiýaçlyk hökmünde guruldy, ýöne soňra Belgiýanyň SRT toparyna satyldy. 2008-nji ýylda ol ulanyşdan aýryldy we 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli onda düýpli dikeldiş işleri geçirildi.


Sport awtoulagy 650 at güýjüni öndürýän 7 litrlik hereketlendiriji we 773 Nm bilen enjamlaşdyrylandyr. Transmissiýanyň görnüşi görkezilmedi, ýöne trek C5-R-de el bilen we sekwental geçiriş gutusy ulanyldy.
Gyzyklanýan alyjylar Chevrolet Corvette C5-R-iň bahasyny diňe sargyt boýunça bilip bilerler.

düýn 21:54
1.3k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.8k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
2k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......