Mersedes-AMG 2028-nji ýylda täze V8-i çykarmaga taýýarlanýar

  • 02.07.2025 00:51
  • 5k+

Mersedes-AMG täze V8 hereketlendirijisini işläp taýýarlaýar, ony 2027-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2028-nji ýylyň başynda çykarmagy meýilleşdirilýär. Muny bölümiň başlygy Mihael Şibe Motor1 bilen bolan söhbetdeşlikde mälim etdi.

Heniz işleriň dowam edýändigi sebäpli, ilkinji görkeziljek takyk senesi entek kesgitlenmedi.
Täze hereketlendiriji geljekde Ýewropada ekologiýa standartlarynyň berkidiljek kadalaryny göz öňünde tutup işlenip düzülýär. Bu hereketlendirijiniň 2030-njy ýyldan soň bazarda aktual bolmagyna mümkinçilik döreder. V8-leriň durnukly islegden peýdalanýan ýeri bolan ABŞ-da entek beýle çäklendirmelere garaşylmaýar. Şeýle-de bolsa, Mihael Şibe diňe bir bazara niýetlenen hereketlendirijini öndürmegiň maliýe taýdan maksada laýyk däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, adaty hereketlendirijilere entek isleg barka olara maýa goýumlary dowam eder.
Neşiriň habar bermegine görä, täze V8 düýpli gaýtadan işlenjek 4,0 litrlik blokda bolar. Ol hereketlendirijiniň deňagramlylygyny we häsiýetnamasyny gowulandyrjak "tekiz" kolenwaly alyp biler.
Hereketlendirijiniň haýsy modellerde çykjakdygy entek belli däl. Ondan öň onuň Mersedes-AMG C 63 bolup biljekdigi çak edilýärdi. Ýöne AMG bu maglumatlary ret etdi. Iň soňky maglumatlara görä, 2026-njy ýylda çykmagyna garaşylýan täzelenen C 63 V8-iň ýerine “altylyk” setiriniň esasynda gibrid güýç agregatyny alar.


20.06.2026 12:20
3.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....