Barlag: wnedorožnikleriň gözýetim meýdanynyň 25 ýylda 58% ýaramazlaşandygyny görkezdi

  • 02.07.2025 01:01
  • 5.4k+

Soňky 25 ýylda awtoulaglaryň göwrüminiň yzygiderli ulalmagy sürüjiniň oturan ýerinden gözýetimiň ep-esli peselmegine sebäp boldy. Awtoulag howpsuzlygy boýunça Amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Ulag ministrliginiň seljerijileri birnäçe meşhur modeller üçin bu görkezijiniň 58% peselendigini hasaba aldylar.

Barlagyň netijesine görä, häzirki zaman Chevrolet Suburban-nyň ýa-da Honda CR-V -niň sürüjisi 10 metr aralykdan awtoulagyň öňündäki boşlugyň diňe 28% -ini görüp bilýär. 1997-nji ýylda Honda üçin bu görkeziji 68 göterim, Chevrolet 2000 üçin bolsa 56% bolupdy. Ford F-150  kysymly pikap üçin gözýetim 43% -den 36% -e çenli peseldi. Munuň sebäbi awtoulaglaryň gabarasynyň, esasanam hereketlendiriji bölümleriniň we aýnalarynyň ölçegleriniň ulalmagy bilen düşündirilýär.
Sedanlarda bu görkeziji o diýen ýaramaz däl. Honda Accord-da gözýetim 25 ýylyň dowamynda 65% -den 60% -e, Toyota Camry-de 61% -den 57% -e çenli peseldi. Şeýle üýtgeşmeler statistiki ýalňyşlygyň çäginde bolup biler.
Barlaga diňe ABŞ-nyň bazaryndaky iň meşhur modeller gatnaşdy. IIHS gözýetimiň peselmegi pyýadalaryň we welosipedçileriň ýol-ulag hadysasyna sezewar bolmagynyň artmagyna sebäp bolup biler diýip hasaplaýar. Seljerijiler onlarça täze modeli goşmak bilen barlagy ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýärler. Geljekde IIHS ölçemegiň 360 gradus kameralara we ýörite hasaplama usulyna esaslanýan täze tehnologiýasyny ulanmagy maksat edinýär.


05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....