Microsoft Word-da tekst goýmak bilen bagly, köpden bäri dowam edip gelýän meseläni çözdi

  • 12.05.2024 22:32
  • 4.2k+

Microsoft kompaniýasy Word-da işlenilende tekst goýlanda formatirleme bilen bagly, köpden bäri dowam edip gelýän meseläni çözýän täzelenme çykardy. Bu barada 3DNews habar berýär.

Şu wagta çenli tekst başga bir çeşmeden göçürilende Word resminamasyndaky tekstiň formaty, köplenç, gabat gelmän ulanyjylar üçin oňaýsyzlyk döredýärdi.
Word-yň täze wersiýasynda ulanyjylar girizilen tekstiň şriftiniň, ululygynyň we reňkiniň deslapky resminamadaky tekstiň stiline awtomatiki laýyk gelmegini üpjün edýän “Formatirlenmeleriň goşulyşmalary” opsiýasyny saýlap bilerler. Bu ýagdaýda esasy stilden tapawutlanýan elementler (kursiwler, sanawlar) hem üýtgemän saklanar.
Täze opsiýa Windows üçin Word 2405-de bar, emma web ýa-da Mac wersiýalarynda entek ýok.
Bu aýratynlygy işjeňleşdirmek üçin "Faýl" menýusyna girip, "Parametrleri" saýlamaly we "Goşmaça" bölümine geçmeli. Açylan penjirede “Kesmek, göçürmek we goýmak” bölümini we “Beýleki programmalardan goýmak” opsiýasyny tapmaly.


17.03.2026 16:47
988

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.6k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
904

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...