Şweýsariýa "Ýewrowideniýe-2024" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 12.05.2024 16:15
  • 9.1k+

Şwesiýanyň Malmýo şäherinde "Ýewrowideniýe-2024" aýdym-saz bäsleşiginiň finaly geçirildi. Şweýsariýaly ýerine ýetiriji Nemo "The Code" aýdymy bilen ýeňiji boldy. Ikinji orny Horwatiýadan aýdymçy Baby Lasagna, üçünji orny Ukrainadan ýerine ýetirijiler dueti Alyona Alyona & Jerry Heil eýeledi. Bu barada BBC habar berýär.

Fransiýa dördünji orunda ýerleşdi, bäşinji orny bolsa Ysraýyldan aýdymçy Eden Golan eýeledi. Olaryň yzyndan Irlandiýa, Italiýa, Ermenistan, Şwesiýa, Portugaliýa, Gresiýa, Germaniýa, Lýuksemburg, Litwa, Kipr, Latwiýa we beýlekiler gelýär.
Ýeňijilere iň ýokary 12 baly Çehiýadan we Moldowadan emin agzalar berdi, Estoniýadan, Fransiýadan we Polşadan bolsa olar 10 bal aldylar.
Belläp geçsek, finala bir gün galanda, anna güni agşam ýeňiji bolmaga dalaşgärleriň biri bolan Niderlandlaryň wekili Ýost Klýaýnyň finala gatnaşmajakdygy belli boldy. Bäsleşigiň guramaçylary aýdymçynyň "ýerliksiz hereketi üçin" - sahnanyň aňyrsynda bolan nähilidir bir wakadan soň bäsleşikden çetleşdirilendigini aýtdylar.
Klýaýnyň özi şeýle çözgüde geň galandygyny we jezanyň öz hereketi bilen deň gelmeýändigini aýdýar. Häzirki wagtda anna güni sahnanyň aňyrsynda nämäniň bolup geçendigi Şwesiýanyň polisiýa işgärleri tarapyndan derňelýär.


28.05.2026 23:41
5.3k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......