Netflix “Çarli we şokolad fabrikasy” romanynyň esasynda aşpezlik realiti-şouna başlaýar

  • 12.05.2024 09:19
  • 5.2k+

Netflix-iň striming (akym) hyzmaty Roald Dalyň meşhur "Çarli we şokolad fabrigi" kitabyndan ylham alan täze aşpezlik realiti-şounyň döredilendigini habar berdi. Taslamanyň jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi, ýöne şou-gepleşigiň süýjülikleri taýýarlamak bilen baglanyşykly bäsdeşlik synaglaryna esaslanjakdygy mälim diýip, Deadline habar berýär.

Netflix-iň Dalyň döredijiligine ýüzlenmegi ilkinji gezek däl. 2021-nji ýylda platforma ýazyjynyň ähli eserlerine hukuk gazandy we geçen ýyl Wes (Ues) Anderson onuň kitaplary esasynda režissýorlyk eden dört sany gysga filmlerini çykardy. Olardan biri, ýagny “Genri Şugaryň ajaýyp hekaýasy” filmi Oskar baýragyna eýe boldy.
Täsin şokolad magnaty Willy Wonkanyň we onuň jadyly zawodynyň hekaýasy 1971, 2005 we 2023-nji ýyllarda birnäçe ekranizasiýa alandygyny ýatladýarys. Wonkanyň keşbini dürli wagtlarda Jin Waýlder, Jonni Depp we Timoti Şalame ýerine ýetirdiler.


düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......