ChatGPT-iň "atasy": Emeli aň hakykatdanam köp adamy işsiz goýar

  • 11.05.2024 17:53
  • 7k+

OpenAI-ny esaslandyryjy we ChatGPT-ni döredijileriň biri bolan Sem Altman emeli aňyň (AI) ýakyn wagtda iş ýerleriniň azalmagyna sebäp bolup biljekdigi baradaky howatyrlanmanyň esassyz däldigini aýtdy.

Altman: "Häzir meni hemme zatdan beter sosial-ykdysady üýtgemeşleriň nähili  tizlikde we gerimde bolup geçjekdigi, onuň ýetirjek täsiri alada goýýar" - diýdi. AI häzirki wagtda adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän köp sanly wezipeleri awtomatlaşdyryp, dürli pudaklarda iş orunlarynyň ýapylmagyna sebäp bolup biler diýip hasaplaýar.
"Geljekde bu meseläniň nähili çuňlaşjakdygyna düşünmeris öýdüp gorkýaryn we bu diýseň uly, juda oýlanyşdyrýan mesele" – diýip, ol belleýär.

Halkara walýuta gaznasynyň (HPG) şu ýyl geçiren barlagy Altmanyň howatyrlanmalaryny tassyklaýar. Onda ösen ýurtlardaky işleriň 60%-ine çenlisine ösen AI tehnologiýalarynyň täsir edip biljekdigi we olaryň ýarysynyň diýen ýaly doly awtomatlaşdyrylmagynyň mümkindigi aýdylýar. Beýleki birnäçe hünärmenler hem AI-iň zähmet bazaryna ýetirip biljek ýaramaz täsiri barada duýduryş beripdiler.
Geçen ýyl Altman CNBC teleýaýlymyna beren interwýusynda käbir işlerde adamlaryň ornuny tutjak ChatGPT-den "birneme gorkandygyny" boýun alypdy. Käbir kompaniýalaryň ýolbaşçylary öndürijiligi we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin eýýäm käbir iş ýerleriniň emeli aň bilen çalşylandygyny tassykladylar.


03.06.2026 15:15
3.3k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......