15-17-nji maýda Aşgabatda Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food sergisi geçiriler

  • 11.05.2024 00:48
  • 8.9k+

15-17-nji maýda Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň “Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food” atly halkara sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Sergä görülýän taýýarlyk barada wise-premýer B.Atdaýew anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak we gaýtadan işlemek bilen ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama serişdelerini, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler.  
Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň we önümleriň tanyşdyryşlary guralar, şeýle hem tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen,  ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Döwlet Baştutany paýtagtymyzda geçiriljek halkara sergisiniň täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......