Türkiýede hümmetsizlenmäniň ýylyň ahyryna çenli 38%-e ýetmegine garaşylýar

  • 10.05.2024 22:55
  • 8.8k+

Türkiýäniň Merkezi banky 2024-nji ýylyň ahyryndaky hümmetsizlenmäniň  çaklamasyny öňki çak edilýän 36%-den 38%-e çykardy. Merkezi bankyň başlygy Fatih Karahan, gerek bolsa, bahalaryň ýokarlanmagyna garşy göreşmek üçin, monetar syýasaty has hem berkitmäge taýýardygyny aýtdy diýip, Daily Sabah neşiri habar berýär.

Çaklamanyň ýokarlanmagy garaşylýandan has güýçli içerki isleg bilen baglanyşykly. Türkiýäniň Merkezi Banky öň ýylyň ahyrynda hümmetsizlenmäniň 36% boljakdygyny çaklaýardy we çaklamanyň iň ýokarky çägi 42% diýip bellenipdi.
Häzirki wagtda ýurtda bahalaryň galyşynyň ýokarky çäginiň 75%-e golaýlap barýandygy bellendi. Garahan hümmetsizlenmäniň öňüni almak üçin Merkezi bankyň “mümkin bolan ähli zady etjekdigini” aýtdy.
Çaklamanyň ýokary galandygyna garamazdan, Bloomberg gullugynyň pikir soraşan seljerijileriniň köpüsiniň garaşyşyndan çaklama entegem birneme optimistik bolmagynda galýar.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:11
5.4k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......