Sportico neşiri dünýäniň iň gymmat futbol klubuny aýtdy

  • 10.05.2024 22:48
  • 14k+

Sportico sport portaly häzirki wagtda iň gymmat futbol klublarynyň sanawyny hödürledi.

Reýtingde birinji orny Angliýanyň “Mançester Ýunaýtedi” eýeledi. Onuň bahasy 6,2 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Ikinji orunda 6 mlrd dollar baha bilen Madridiň “Realy” ýerleşdi. Üçünji orny Kataloniýanyň “Barselonasy” eýeledi, onuň bahasy 5,2 mlrd dollara barabar. Ilkinji bäşligi 5,1 mlrd dollar bilen “Liwerpul” we 4,8 mlrd dollar bilen Mýunheniň “Bawariýasy” jemledi.
Şeýle-de, ilkinji onlukda “Mançester Siti” (4,75 mlrd dollar), “Pari Sen-Žermen” (4,05 mlrd dollar), “Arsenal” (3,91 mlrd dollar), “Tottenhem” (3,49 mlrd dollar) we “Çelsi” (3,47 mlrd dollar) bar.
Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) 35 oýnundan soň “Mançester Ýunaýted” ýaryş jedwelinde 54 utuk bilen sekizinji orny eýeleýär. Ýedinji orunda ýerleşýän “Çelsiniň-de” şonça utugy bar. Olaryň her biriniň ätiýajynda bir oýun bar.
Şu möwsümde “MÝ” Çempionlar ligasynyň toparçasynda iň soňky orny eýeledi. 12-nji maýda Angliýanyň çempionatynyň çäklerinde “Mançester Ýunaýted” Londonyň “Arsenaly” bilen duşuşar.


düýn 17:07
9.6k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
4.3k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.3k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....