ÝUNESKO Aýa 275 dilli kapsula iberer. Ol adamzat barada käbir maglumatlaryň saklanyp galmagyna kömek eder

  • 10.05.2024 13:18
  • 5.4k+

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Aýda planetamyzyň medeni gymmatlygy baradaky bilimler bilen bir hatarda Ýer ýüzündäki dilleriň 275-isi barada maglumatlary saklap galmagy maksat edinýär. Maglumatly kapsula Ýaponiýanyň Ispace hususy kompaniýasynyň Hakuto-R awtomatik modulynyň bortuna ýerleşdiriler. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

ÝUNESKO bu arhiwiň global betbagtçylyk bolan ýagdaýynda adamzat baradaky käbir maglumatlary gorap saklamaga kömek etjekdigini belleýär.
Ispace-iň ilkinji Hakuto-R Aýa gonuş moduly 2022-nji ýylyň dekabr aýynda kompaniýanyň synag missiýasynyň çäklerinde uçuryldy. 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aýa gonmaga synanyşyk wagtynda enjam bort kompýuterindäki ýalňyşlyk sebäpli döwüldi.
Ispace-iň Aýyň üstüne ýetmek boýunça indiki synanyşygy 2024-nji ýylyň gyşyna meýilleşdirilýär. Täze Hakuto-R modeli bilen bilelikde Ýeriň hemrasyna kiçiräk lunohod iberiler.
Ispace üçünji Aý missiýasyny-da meýilleşdirýär, ol 2026-njy ýylda bolmaly. Oňa 500 kg çenli peýdaly ýük götermäge ukyply bolan has uly we döwrebap Apex 1.0 moduly gatnaşar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....