"Baýer" rekord goýup, Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy

  • 10.05.2024 10:57
  • 9.5k+

Lewerkuzeniň "Baýeri" Ýewropa ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda "Roma" bilen deňme-deň oýnap (2:2), ýaryşyň finalyna çykdy. Jogap duşuşygy Germaniýada geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ýer eýeleri 0:2 utulyp gelýärdiler. "Romanyň" düzüminde argentinaly ýarym goragçy Leandro Paredes 2 gezek 11 metrlik jerime urgusyndan gol geçirdi (43, 66-nji minutlar). 83-nji minutda "Romanyň" goragçysy Janluka Mançini öz derwezesine gol geçirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymyna goşulan goşmaça wagtyň iň soňky minudynda "Baýeriň" goragçysy Ýosip Stanişiç hasaby deňläp (97-nji minutda), toparyna deňme-deňlik getirdi.
Iki oýnuň jemi boýunça "Baýer" (2:0, 2:2) Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy. Şol bir wagtda nemes kluby ýeňlişsiz oýunlarynyň sany boýunça (49 oýun) Ýewropa futbolynyň rekordyny täzeledi. Habi Alonsonyň şägirtleri şu möwsümde bir gezek hem ýeňilmediler: 40 ýeňiş we 9 deňme-deňlik.

"Baýer" "Benfika" portugal klubunyň rekordyny täzeledi. Portugal kluby 1963-nji ýylyň 22-nji dekabryndan başlap, 1965-nji ýylyň 7-nji fewraly aralygynda ähli ýaryşlarda 48 gezek ýeňilmän geldi.
"Baýer" Ýewropa ligasynyň finalynda taryhynda ikinji gezek oýnar: 1988-nji ýylda klub Ispaniýanyň "Espanýol" toparyny ýeňip, UEFA Kubogyny eýeläpdi.
"Baýer" bilen "Atalantanyň" arasyndaky final duşuşygy Dublinde (Irlandiýa) 23-nji maýa geçilýän gije geçiriler.
Möwsümiň ahyryna çenli "Baýerde" ýene 3 duşuşyk galdy: Germaniýanyň çempionatynda 2 oýun we ýurduň Kubogynyň finalynda "Kazzerslauterna" garşy 1 oýun.


06.06.2026 10:24
5.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......