«Atalanta» taryhynda ilkinji gezek ýewrokubok ýaryşynyň finalyna çykdy

  • 10.05.2024 07:42
  • 7k+

Italiýanyň "Atalanta" futbol kluby Ýewropa ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda "Marsel" fransuz klubuny utdy. Bergamoda geçirilen duşuşyk 3:0 hasap bilen tamamlandy.

Duşuşykda gollary Ademola Lukman (30-njy minut), Matteo Rujeri (52) we El-Bilal Ture (90+5) geçirdi.
Şeýlelikde, iki oýnuň netijeleri boýunça (1:1, 3:0) "Atalanta" taryhynda ilkinji gezek ýewrokubok ýaryşlarynyň finalyna çykdy. UEFA Ýewropa ligasynyň finalynda italýan kluby "Baýer" lewerkuzen kluby bilen duşuşar. Duşuşyk 23-nji maýa geçilýän gije (Aşg. wagty bilen) Dublinde geçiriler.


düýn 15:24
6.5k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.3k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

19.04.2026 14:05
8.8k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

19.04.2026 11:18
3k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....