Insult sebäpli sesini ýitiren aýdymçy emeli aňyň kömegi bilen aýdym ýazdy

  • 09.05.2024 14:17
  • 9.1k+

11 ýyl ozal insultdan soň sesini ýitiren meşhur amerikan aýdymçysy Rendi Trewis Where That Came From atly täze aýdymy hödürledi. Kompozisiýanyň özboluşlylygy - onuň emeli aňyň kömegi bilen ýazylandygy bilen baglanyşykly diýip, The Verge habar berýär.

Aýdymy döretmek üçin Trewisiň sesiniň 42 ýazgysyndan tälim alan nerw ulgamy ulanyldy. Soňra aýdymçynyň we onuň prodýuseri Kaýl Leningiň ýolbaşçylygynda kantri-aýdymçy Jeýms Dýupreniň ýerine ýetiren wokalyny algoritmleriň kömegi bilen Trewisiň sesine öwürdiler.
Where That Came From-y çykaranyň leýblynyň Warner Music-digini bellemek gerek. Bu kompaniýa öň AI aýdymlaryny döretmek üçin meşhur sesleriň ulanylmagyny gadagan edipdi. Warner Music Nashville-iň şärikdeş prezidenti Kris Leýs bu leýblyň diňe “hakyky” döredijiligi goldaýandygyny aýtdy we bu ýagdaýda neýrosetiň ulanylmagynyň bu gezek AI-niň “ýagşynyň hatyrasyna” ulanylandygyny öňe sürdi.
Where That Came From-y YouTube-dan, Spotify-dan we Apple Music-den tapyp bilersiňiz.


26.02.2026 09:36
2.1k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.8k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

29.01.2026 10:25
4.5k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...