Xiaomi-den hojalykda ulanmak üçin täze tehnika: güýçli we “akylly” pol kondisioneri

  • 09.05.2024 12:08
  • 5.9k+

ITHome portalynyň habar bermegine görä, Xiaomi gelşikli dizaýny, ýokary öndürijiligi we akylly aýratynlyklary özünde jemleýän täze Mijia 3 HP polüsti kondisionerini öndürdi.

Enjamyň sowadyjylyk kuwwaty 1930 Wt we ýyladyş güýji 2680 Wt bolup, meýdany 25 inedördül metre çenli bolan otagda amatly mikroklimaty üpjün edýär.
Kunyi bionic goşa howa kanally innowasion gurluş 160 derejä çenli burç bilen birmeňzeş howa aýlanyşygyny üpjün edýär.
Ulanyjy howa üpjünçiliginiň iki düzgüninden peýdalanyp biler: “asman perdesi” we “haly şemaly”. Antibakterial we kömelege garşy süzgüçler howany netijeli arassalaýar, bakteriýalaryň we heňlemäniň ýaýramagynyň öňüni alýar.
Şeýle hem, Mijia 3 HP kondisioneriň arassaçylyk işini üpjün edýän komponentleri guratmak bilen, öz-özüni arassalaýar.
Kondisioneri el bilen,  smartfon arkaly ýa-da Mijia programmasynyň üsti bilen ses buýruklaryny ulanyp dolandyryp bolýar.
Xiaomi Mijia 3 HP-ni 5799 ýuana (takmynan 800 dollar) Hytaýda öňünden sargyt edip bolýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...