Adamzat galaktikany haçan koloniýalaşdyrar we Ýerden daşary siwilizasiýa barmy? – Ilon Maskyň pikiri

  • 08.05.2024 22:30
  • 11k+

Adamzat siwilizasiýasyna galaktikany koloniýalaşdyrmak üçin million ýyl saklanmak gerek. Şeýle pikiri Maýkl Milken institutynda geçirilen maslahatda amerikaly işewür Ilon Mask öňe sürdi diýip, RBK ýazýar.

Ilkinji ýazuw tekstlerinden başlap hasaplananda, adamzat siwilizasiýasyna 5,5 müň ýyl bolandyr. Işewüriň pikiriçe bolsa, eger biz siwilizasiýa hökmünde million ýyl saklansak, biz galaktikanyň her bir böleginde bolup bilerdik.
Maskyň pikiriçe, biziň siwilizasiýamyz beýleki planetalary özleşdiren ýagdaýynda “millionlarça ýyl” ýaşap biler, bolmasa “bary-ýogy birnäçe ýüz ýyl hereket eder”.
Mask kosmos gözlegleriniň dowamynda adamzadyň “birwagtlar ýitip giden başga planeta siwilizasiýalarynyň” özlerinden soň galdyran zatlaryny tapyp biljekdigini çaklaýar.
Mundan başga-da, Mask başga planetalylaryň bardygyna hiç hili subutnamany görmeýändigini we kosmos kompaniýasynyň hemralarynyň-da hiç biriniň UFO bilen çaknyşmandygyny aýdýar. Şeýlelikde, Maskyň pikiriçe, adam galaktikanyň bu böleginde aňy bolan ýeke-täk janly-jemendedir. Ýogsam, eger Ýerden daşary siwilizasiýalar bar bolsa, olar eýýäm biziň galaktikamyzy koloniýalaşdyrardylar. “Siwilizasiýa tötänleýin we seýrek hadysa bolup, adamzat siwilizasiýasy gurşap alýan garaňkylykda kiçijik bir şem ýalydyr”.


şu gün 13:48
982

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....