Hytaý awtoulaglary global bazaryň üçden birini eýelediler

  • 08.05.2024 11:45
  • 6k+

Hytaýyň Ýeňil awtomobiller assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda Hytaýda awtomobil satuwy dünýädäki umumy awtomobil satuwynyň 33%-ini emele getirdi (8,15 mln). 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde 21,05 mln awtomobil satyldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 3% köpdür diýip, ixbt.com belleýär.

2016-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda hytaý awtomobilleriniň satuwy global awtomobil satuwynyň, takmynan, 30%-ini emele getirdi, soň 2019-njy ýylda 29%-e çenli pese gaçdy. 2020 – 2021-nji ýyllarda bu paý 32%-e çenli artdy, 2022-nji ýylda bolsa 33%-e ýetdi.
2024-nji ýylda awtoöndürijileriň satuwynyň global reýtinginde Toyota 10,6% paý bilen birinji orny eýeledi. Ol 10%-den gowrak bazar paýy bolan ýeke-täk awtomobil toparydyr, onuň yzyndan, degişlilikde, 9,5% we 7,4% paý bilen Volkswagen we Hyundai gelýär. Bu kompaniýalaryň üçüsi bilelikde global bazar paýynyň 27,5%-ini emele getirdi.
Hytaý kompaniýalarynyň arasynda Geely iň gowularyň onlugyna giren ýeke-täk awtoöndürijidir. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Geely 738 400 awtomobil satdy we bu global bazar paýynyň 3,5%-ine deňdir. BYD 3,2% bazar paýyny aldy.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň iň uly awtoeksportçylarynyň bäşligine SAIC, Chery, Great Wall Motor, BYD we Geely girdi.


13.05.2026 23:03
1.5k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

13.05.2026 09:33
6.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 00:12
2.7k+

Xpeng 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär

Hytaýyň Xpeng kompaniýasy 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär. Öndüriji eýýäm 7000-den gowrak sargyt aldy, olaryň köpüsi Hytaýdan gelip gowşan sargytlar....