“Garri Potteriň” awtory J.Rouling ýene alty kitap ýazmagy meýilleşdirýär

  • 08.05.2024 11:44
  • 5.5k+

Ýazyjy Joan Rouling “The Times” bilen söhbetdeşlikde ýene alty eser ýazmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Muny gazeta.ru ýetirýär. 

Rouling kitap ýazmak üçin kellesinde alty pikiriň bardygyny belleýär. Häzirki wagtda ýazyjy detektiw Kormoran Straýk hakyndaky sekizinji romanyň üstünde işleýär. Ol bu eser boýunça ýene iki tomuň boljakdygyny aýtdy.

“Soň ýene-de ýazmak isleýän üç kitabym bar” – diýip, ýazyjy paýlaşýar.

Rouling eserlerini elde ýazmagy, aýratynam, gijelerine ýazmagy gowy görýär. Ol işe girişmezden öň hemişe diýen ýaly kellesinde sýužeti doly görýändigini aýdýar. Şonuň üçin Garri Potter baradaky kitaplaryň awtory soňky bölümi birinji bölümi gutarmazdan öň hem ýazyp bilerdi.
Roulingiň aýtmagyna görä, ol “Garri Potter we syrly otag” eseriniň üstünde işlände ýazyjylyk çökgünligini başdan geçirýär. Ol “göýä doňup galan ýaly bolup”, nirä hereket etjegini bilmeýär. Şeýle ýagdaý bir hepde dowam edýär.
Ýöne, görşümiz ýaly, bu eseriň şowly çykmagyna päsgel bermedi. Ýazyjynyň “Garri Potter” franşizasy tutuş dünýä boýunça okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başardy.

düýn 23:12
976

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.8k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
896

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......