Tesla haryt nyşanynyň bozulmagynda aýyplap, hindi kompaniýasyny kazyýete berdi

  • 07.05.2024 16:25
  • 13k+

Amerikanyň Tesla elektrik awtoulag öndürijisi özüniňkä meňzeş atlary we logotipleri ulanýandygy sebäpli Tesla Power India Ltd hindi kompaniýasyna garşy kazyýete arza berdi. The Indian Express gazetiniň ýazmagyna görä, Ilon Maskyň kompaniýasy hindi kompaniýasynyň hereketleriniň sarp edijileri ýalňyşdyrýandygyny we onuň abraýyna zyýan ýetirýändigini öňe sürýär.

Düýbi Gurgaonda ýerleşýän Tesla Power India Ltd batareýalary öndürýär we Tesla-nyň logotipini ýada salýan stilli “T”-ny ulanýar. Şeýle hem hindi kompaniýasy "Tesla Power" we "Tesla Power USA" söwda nyşanlaryny bellige aldyrdy.
Amerikan kompaniýasy hindi “klonyndan” öz söwda nyşanlaryny ulanmagy bes etmegini birnäçe gezek sorandygyny, ýöne netije bermändigini aýtdy. 2022-nji ýylda Tesla nyşany ulanmagy bes etmegini sorap resmi haýyş iberdi, ýöne muňa ähmiýet berilmedi.
Hindi kompaniýasy elektrikli awtoulag öndürmek niýetiniň ýokdugyny we marketing materiallarynda “Tesla” sözüni ulanmajakdygyny aýtdy.
2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Tesla bu iş boýunça Deliniň Ýokary Kazyýetine arza berdi. Kazyýet Tesla Power India Ltd kompaniýasyna jogap taýýarlamak üçin üç hepde wagt berdi, indiki diňlenişik 22-nji maýda geçiriler.
Kazyýet işine garamaklyk Teslanyň hindi bazaryna girip biljekdigi baradaky myş-myşlaryň fonunda bolup geçýär. Economic Times gazetiniň maglumatlaryna görä, Ilon Mask 2024-nji ýylyň ahyrynda elektrik ulaglaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Hindistana barmagy meýilleşdirýär. Bu sapar aprel aýynda amala aşyrylmalydy, ýöne kompaniýa täze önümçilik desgalaryny gurmazdan ozal strategiýany üýtgetmek we bar bolan zawodlaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak kararyna geldi.


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

22.03.2026 08:09
4.7k+

Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...

20.03.2026 20:04
6k+

Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy

«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...